logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MUZEÝ HÜNÄRMENLERI MUZEÝ IŞINI DÖWREBAP DEREJEDE GURNAMAKLYKDA DÜRLI IŞLERI ALYP BARÝARLAR

Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede gülläp ösýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegi üçin örän uly tagallalar edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň ösýän-özgerýän döwründe, biz muzeý işgärleri hem türkmen halkymyzyň taryhyny we taryhy ýadygärliklerini dünýä ýaýmakda arman–ýadaman zähmet çekýäris.

Şol maksat bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bellenen meýilnamalar esasynda, muzeýiň ekspozisiýa zallary barada täze maglumatlar öwrenýärler hem-de maslahat esasynda ekspozisýon zallarda ýörite ýygnanşyp edilýän maslahat arkaly täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasan hem halypa hünärmenler ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hawa hakykatdan hem ýaş nesilleriň ylmyny artdyrmakda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär. Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, medeniýetini, sungatyny, geçmiş-taryhyny has çuň we giň manyda hem-de ylmy taýdan öwrenmek we olar bardaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa muzeý hünärmenleriniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda bolsa muzeýimiziň “Türkmen tebigaty” zalynda ýaş ylmy işgärleriň hünär derejesini has içgin berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Muzeý hünärmenleri muzeý işini döwrebap derejede gurnamaklykda dürli işleri alyp barýarlar.

Türkmeniň tebigatyny, medeniýetini, taryhyny has çuňňur öwrenip halka ýetirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödejekdigimizi ynandyrmak isleýärin.

Türkmen halkyny beýik derejelere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.