logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Muzeý işi we maglumatlary sanlylaşdyrmak

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda ABŞ-nyň «Fulbright» Maksatnamasynyň hünärmeni Daniýel Waýsyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde duşuşyk geçirildi.
Amerikan alymy Daniýel Waýsyň iş saparynyň maksady medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda sanlylaşdyrmak we resminamalaşdyrmak usullary boýunça Türkmenistanyň muzeýleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we tanyşdyryş maslahatlaryny geçirmekden hem-de Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gezelenç etmekden ybarat bolup durýar.
Döwlet muzeýinde geçirilen duşuşykda Daniýel Waýs «Maglumatlar we sanlylaşdyrmak» atly temadan çykyş etdi. Ol çykyşynda muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti barada öz tejribesinden mysal getirip gürrüň berdi. Duşuşykda muzeý işgärleri alym bilen rejeleýiş işlerinde sanly ulgamyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar.
Amerikan hünärmeni duşuşykdan öň muzeýiň taryh we arheologiýa sergi bölümlerine aýlanyp gördi. Muzeýde görkezilen arheologiýa gymmatlyklarynyň örän täsin hem-de ylmy nukdaýnazardan täsirlidigini, şeýle-de sergi bölümlerinde kartalaryň, çyzgylaryň, maglumatlaryň ýerlikli we sowatly ulanylandygyny, munuň bolsa ekspozisiýanyň ylmy derejesini güýçlendirýänligini belläp geçdi.