logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MUZEÝ MYHMANLARY FORUMA GATNAŞYJYLARY GARŞYLAÝAR

MUZEÝ MYHMANLARY FORUMA GATNAŞYJYLARY GARŞYLAÝAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergisine hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip gördüler.

Otuza golaý döwletlerden gelen myhmanlar muzeýde Türkmenistanyň taryhy we arheologiýa ýadygärlikleri hem-de ol ýerlerden ýüze çykarylan tapyndylar bilen tanyşdylar. Myhmanlara muzeýiň hünärmenleri Çaryýew Goçmyrat, Mämiýewa Gülälek, Ýarmämmedow Öwez, Orazmämmedow Edilmuhammet, Kakabaýewa Gurbanbibi, Gurbanowa Güljan, Annamyradow Annamyrat dagylar dürli dillerde ekskursiýaly gezelenç gurnaldy. Daşary ýurtly işewür adamlar muzeýiň binasy hem-de onda görkezilýän gymmatlyklar barada we umuman muzeýiň özlerinde galdyran täsir barada ýakymly sözler aýtdylar.