Her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä guşlar güni mynasybetli talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň gözel ýerlerine gyzykly gezelençler gurnalýar. Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlary Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeý hünärmenleriniň gyzykly hem-de täsirli gürrüňleri, ülkämiziň haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi welaýatymyzyň çägindäki goraghanalar, olarda ýaşaýan haýwanlar, ösümlikler hem-de tebigatymyzyň bezegi bolan guşlar hakyndaky gyzykly maglumat bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini has-da berkidýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myratdyň mekany” ýylynda hem ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmakda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni döretmekde hem-de daşky gurşawy goramakda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki tebigata bolan söýgi Watana bolan söýgüdir. Talyplarda ýatdan çykmajak täsirli pursatlary galdyran gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Olar muzeýe gurnalan gyzykly gezelenjiň dowamynda halkymyzyň köpasyrlyk buýsançly taryhy we gözel tebigatynyň täsinliklerini giňişleýin öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
Jennet MYRADOWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody