logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Muzeýe guralan gezelenç

Golaýda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody ýurdumyzyň ösüşleri, oba-şäherlerimiziň görküne görk goşýan täze binalarymyz, asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz, ýurdumyzyň gözel tebigaty, reňkler äleminde wasp edilen sungat eserleri barada gyzykly gürrüňleri berdi. Muzeýe gurnalan gezelenjiň mekdep okuwçylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka bolandygyny, olaryň ýürek buýsançlaryndan duýmak bolýar. Bu çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny aýtdylar.

Gülsere Nurmyradowa,
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.