Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular.
Gezelenjiň dowamynda myhmanlar muzeýiň döwrebap zallarynda sergilenýän gymmatlyklar, arheologik tapyndylar we halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy-ruhy mirasynyň seýrek duş gelýän nusgalary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Geljekki binagärler, gurluşykçy inženerler we dizaýnerler hökmünde talyplar muzeýdäki taryhy binalaryň çyzgylary, gadymy şäherleriň we galalaryň binagärlik aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Muzeýiň hünärmenleriniň ata-babalarymyzyň ulanan gurluşyk tilsimleri, serişdeleriň hili we desgalary tebigy şertlere laýyklykda meýilleşdirmek başarnygy barada beren täsirli gürrüňleri ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin özboluşly ylmy-tejribe sapagyna öwrüldi.
Mundan başga-da, talyplar muzeýiň ülkäni öwreniş we tebigat bölümine, şeýle hem dünýä belli ahalteke bedewlerimiziň taryhyna bagyşlanan sergilere uly üns berdiler. Taryh bilen häzirki zaman innowasiýalarynyň muzeý zallaryndaky utgaşmasy talyplary täze ylmy-döredijilikli taslamalary taýýarlamaga ruhlandyrdy.