logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MUZEÝIMIZ SYÝAHATÇYLARYŇ ÜNS MERKEZINDE

Halkymyzda birek-birek bilen gatnaşyklary berkitmek sogaply işleriň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklarymyzyň täze derejelere çykarylmagy netijesinde emele gelen berk binýatly dostluk köprülerinden päk niýetler ýol salýar. Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Russiýa Federasiýasynyň wekilleri syýahatçylyga geldiler. Türkmenistanyň baý medeni mirasynyň aýawly saklanylylýan ojagy ylmy taýdan öwrenilmegi, giňden wagyz edilmegi döwlet syýasatynyň üstünlikleriniň biridir.