logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MUZEÝLER-DÖWÜRLERIŇ NURANA KEŞBI

Ata-babalarymyzyň ruhy siňen, mirasy gymmatlyklaryň jemlenen ýeri bolan muzeýler şu günki günde özüniň taryhy ösüş günlerini şöhlelendirýär. Halkymyzyň maddy we ruhy medeniýetiniň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredilen genji-hazynasyny geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurdumyzda muzeý işini döwrebap kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berilýär. Muzeýlerde adamzat durmuşynyň taryhynda medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyryjy,watançylyk duýgusyna ýugrulan medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilip durulýär. Muzeýlerde her bir alnyp barylýan netijeli işler esasynda gurnalýan wagtlaýyn hem-de göçme sergileri, ylmy maglumatlar, geçirilýän her bir medeni çäreler hem-de ekspozisiýalaryň täzeçe gurnalyp durulmagy, şu günki günüň ösüşlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini, medeni mirasy milli gymmatlyklary ýüze çykarmak we olary ylmy esasda öwrenmek geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky berýän tabşyryklary her bir muzeý hünärmenini has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Muzeý gymmatlyklary halkyň taryhynyň sungatynyň hem-de däp-dessurynyň aýdyň beýany bolan maddy we ruhy mirasdyr. Muzeý gymmatlyklary bu halkyň ýaşaýyş ýolunyň, ruhy baýlygynyň hem-de döredijilik ukybynyň aýrylmaz bölegidir. Olar geçmişi öwrenmek, häzirki döwri seljermek we geljegi gurmak üçin ähmiýetli çeşme bolup durýar. Häzirki döwürde muzeýler ylmy merkezlere,medeni aň-bilim ojaklaryna öwrülýär. Şu nukdaýnazardan ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde, olarda şöhratly taryhymyza buýsanç hem-de söýgi döretmek, hem-de müň dürli öwüşgünli milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň gurnamagynda, guramanyň işjeň agzalarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Muzeý hünärmenleriniň gürrüň bermeginde halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, baý medeni mirasy, geçmiş taryhymyz hakyndaky söhbetler myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle-de olar welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän dürli ýyllarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar we taryhy maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Biz muzeý hünärmenlerine işlemäge, dşredijilikli zähmet çekmäge, milli mirasymyzy wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.Goý mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy uludan belleniljek ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin!


Gülälek Batyrowa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy