logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Muzeýler döwürleriň nurana keşbi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Türkmenistan Watanymyzda ýurdy innowasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçmek we mümkinçiligini giňişleýin işe ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, bilim, sport, medeniýet, saglyk we sanly ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça döwrebaplaşdyrmak, sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek, ösdürmek babatda giň gerimli işler ýerine ýetirilýär.

Muzeýlerde döwrebap işleri durmuşa geçirmäge ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, sanly ulgama doly geçmek, häzirki zaman informasion tehnologiýalaryň ösmegi, maglumatlaryň elýeterligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň muzeýleri bilen gyzyklanýan her bir adam üçin internet torunyň işlendik birikdirilen nokadyndan wideoşekiller arkaly syýahat edip bilmeklik mümkinçiligi bolsa, türkmen halkynyň taryhyny, milli medeni mirasyny, medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga döredilen şertleriň biri bolup durýar.

Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda, “Muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmagyň häzirki zaman tejribesi” atly okuw maslahaty geçirildi. Ýurdymyzda hereket edýän muzeýleriň işiniň has-da kämilleşmegine sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmaga, muzeý gaznasyny milli gymmatlyklar bilen baýlaşdyrmaga bagyşlanan maslahatyň dowamynda täsirli hem-de buýsançly gürrüňlere giň gerim berildi. Maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk sergisi bilen hem ýakyndan tanyşdylar. Ýurdymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen üstünlikleriň milli gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edýän bu sergi myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Dabaraly maslahatyň we sergi bilen tanyşlygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.