logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MUZEÝMIZ HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR

MUZEÝMIZ HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz muzeý işiniň döwrebap guralmagyna, muzeý gymmatlyklarynyň has-da baýlaşdyrylmagyna we goralyp saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Milli medeniýetiň bu pudagynyň jogapkärli işi hem, ýokary depginler bilen giň gerimde ösdürilýär.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkani öwreniş muzeýini Türkmenistan Watanmyzyň Garaşsyzlyk döwrüni beýan edýän ekspozisiýasynda, jemgyýetçilik ykdysady durmuşyny, bilim, ylym, saglygy saklaýyş, medeniýet ýaly ulgamlarynyň ösüşini, ýeten sepgitlerini, daşary syýasatyny, gündeki bolup geçýän täzelikleri beýan edýän fotosuratlar, resminamalar, kitaplar we beýleki eksponatlar ýerleşdirilen.

Muzeýiň bu ekspozisiýasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze çykan kitaplary bilen baýlaşdyryldy.

Türkmen halkynyň taryhyny, şu günki gününi öwrenmekde dünýä ýaýmakda muzeý gymmatlyklaryna möhüm orun degişlidir. Muzeý gymmatlyklary uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup durýar, olar ýaşlarda taryhymyza, şu günki günümize, Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny kemala getirýär.