logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MUZEÝMIZDE GURNALAN GÖÇME SERGI

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňsyrasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi tarapyndan Türkmenistan Watanmyzyň Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary özleriniň folklýor çykyşlarynda türkmen halkynyň arzuwlap gelen Garaşsyzlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň saýasynda bahar-ýazly, aýdym-sazly Diýarymyzyň, bu günki -gün ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň miwesi bolan asuda, abadan Watan goýnunda garşy alýan her günümiziň bagtyýarlygy, özbaşdak millet hökmünde milli däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, urp-adatlarymyzyň dabaralanmagy wasp edildi. Türkmen halky toý tutanda geçmişiň däp-dessuryna eýerip, uludan tutýar.

Bu çärede Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan hem göçme sergi gurnaldy we milli mirasymyz bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň on barmagyndan çykan dürli nagyşlar bilen bezelen zenan lybaslary bolan keteni köýnekler, çabytdyr çyrpy-kürteler ýaly taryhy gymmatlyklaryň birnäçesi sergilendi. Talyp ýaşlaryň arasynda gurnalýan sergiler ata-babalarymyzyň Watany söýmegi öz ömürleriniň manysyna öwrüp, arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi bolan ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşdyrmaga ýol açýar.


SEÝIDOWA G.

Muzeýiň uly ylmy işgäri