logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MYLAÝYM HEM SADA TÜRKMEN GÖZELI

MYLAÝYM HEM SADA TÜRKMEN GÖZELI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Mylaýym hem sada türkmen gözeli» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym-mukddeslige tagzym» atly kitabyndan çäksiz söýgi, gözellige ýugrulan ene dünýäsi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi mukaddeslige deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, ummadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!