logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nagyşlaryň soňsuz söhbedi

Şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi.

G.Töräýewa sungatyň bu görnüşi bilen köp ýyllardan bäri meşgullanyp gelýär. Onuň döreden sungat eserlerini, ýagny, ýantorbalary synlamak sungat muşdaklaryny haýrana goýdy. Gobelenden dokalan ýantorbalar gözelligi, nagyşlarynyň nepisligi we reňk sazlaşygynyň çeperçilik taýdan ýerlikli çözlendigi bilen tapawutlanýar. Ýantorbalara salnan nagyşlar suratkeşiň owadan dünýäsini baý dünýägaraýşyny we türkmen milliligine çäksiz söýgüsini açyp görkezdi. Gadymy milli “tegbent”, “gülýaýdy”, “älem”, “saýlan”, “goçak” ýaly nagyşlar döwrebap äheňler bilen baýlaşdyrylyp dokalypdyr. Ýantorbalardaky reňkler öz arasynda söhbet edýän kibi dokalypdyr.

Sergi köp adamly, täsirli we gyzykly geçdi. Serginiň dowamyndaky çykyşlar bolsa suratkeş G.Töräýewanyň bu sungata bolan zehininiň we söýgüsiniň üstüni ýetirdi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda G.Töräýewa sungatyň bu görnüşini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde we dokalyşynyň inçe tilsimlerini öwretmekde irginsiz zähmet çekýär. Gobelen suratkeşi G.Töräýewa halypa hökmünde köp şägirtleri ýetişdirdi.

Gobelen sungaty el bilen ýa-da ýörite stanoklarda dokalyp, dürli reňkli sapaklar arkaly şekil döredilýän nepis amaly-haşam sungatydyr. Köplenç halyçylyk sungaty bilen utgaşýan bu ugur, suratkeşligiň we dokmaçylygyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Gobelen dokalanda köp sanly reňkli sapaklar ulanylýar. Suratkeş ilki bilen surat taýýarlaýar, soňra şol surata laýyklykda ýüpek, ýüň ýa-da pagta sapaklarynyň üsti bilen, her bir çyzygyň we reňkiň geçişi gaýtadan janlandyrylýar. Gobelenler öýleriň we binalaryň içini bezemek üçin uly göwrümli diwar halysy, örtük ýa-da dekoratiw eser hökmünde ulanylýar. Gobelen dokalyş usuly taýdan türkmen halyçylyk sungatyna juda meňzeşdir.

Maýa Halykberdiýewa,
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi
we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň
direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.