logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nakgaşçylyk mekdebiniň ussady

Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Hojamuhammet Çüriýewiň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi geçirildi.
H.Çüriýewiň sergide ýerleşdirilen “Keşdeçiler” atly uly göwrümli birnäçe tapgyrdan ybarat eseri, “Kejebe”, “Çapar”, “Üç gözellik”, “Gözel sen”, “Näme sen” ýaly eserleri bellenilmäge mynasypdyr.
Suratkeş H.Çüriýew türkmen dünýäsini, taryhyny, gelin-gyzlaryň keşbini we olaryň uz barmaklaryndan döreýän el işlerini dürli öwüşginleriň üsti bilen kendire siňdirýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji uçurymlarynyň hatarynda türkmen nakgaşlyk sungatynyň ösmegine saldamly goşandyny goşýar. Suratkeş eserlerinde metaforik şekilleri we dürli çeperçilik serişdelerini ussatlyk bilen ulanýar. Hojamuhammet Çüriýewiň türkmen dünýäsine bolan söýgüsi ynsan ruhunyň ýagdaýy hakyndaky çuňňur pikirleri nakgaşçylyk sungatynda aýdyň görkezilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda nakgaşçylyk mekdebiniň ussady hökmünde Hojamuhammet Çüriýew döredýän eserleri we gurnaýan sergileri bilen halkymyzyň arasynda giňden tanalýar.
Halypa suratkeşiň nakgaşçylyk we grafika sungatynda döreden eserleri sergiler jaýynyň iki gatynda ýaýbaňlandyryldy. Halypa suratkeşiň döredijilik ýoluny şägirtleri, ykbalyny sungata baglan ýaşlar dowam edýärler. Halypa suratkeşiň şahsy sergisi sungat muşdaklarynyň aňynda gözellik duýgularyny we sungata bolan çäksiz hormaty has-da berkitdi.
Serginiň merkezini bezeýän işiň köp böleginiň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanýandygy buýsançlydyr. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserleriniň sany 53-den gowrak bolup, olardan “Türkmen binasy”, “Türkmeniň”, “Gözel sen” ýaly goşgularyna döredilen nakgaş eserleri aýratyn tapawutlanýar.
Suratkeşiň 5 sany işden ybarat bolan “Toý” atly eseri sergide aýratyn saýlanan işleriň biri boldy. Eserde türkmen toýunyň uludan tutulýandygy, milli oýunlar, toýuň ýaraşygy bolan bedew atlar reňkleriň dili bilen kendire geçirilipdir. Sergide halypa suratkeşiň 140-dan gowrak işi sergilendi.