Türkmen halkynyň milli buýsanjy, wepalylygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň nyşany bolan türkmen alabaýy halkymyzyň taryhynda we medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda türkmen halky alabaýy diňe bir öýüň we malyň goragçysy hökmünde däl, eýsem, wepaly dost, ygtybarly ýoldaş hökmünde hem sarpalap gelipdir. Häzirki döwürde türkmen alabaýy milli gymmatlyklarymyzyň biri hökmünde giňden tanalýar. Onuň özboluşly keşbi şekillendiriş sungatynda hem möhüm orun eýeleýär.
Türkmen alabaýynyň keşbiniň şekillendiriş sungatynda beýan edilmegi milli däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň tebigata we haýwanlara bolan garaýşyny, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Suratkeşler alabaýyň daşky görnüşini, kuwwatly beden gurluşyny, batyrgaý nazaryny we özüne mahsus häsiýetlerini çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen şekillendirýärler. Şeýle eserlerde alabaýyň diňe bir daşky gözelligi däl, eýsem, onuň ruhy aýratynlyklary hem açylyp görkezilýär. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde özboluşly çeperçilik beýanyny tapýar. Nakgaşlykda onuň gözelligi we häsiýeti reňkleriň üsti bilen açylýan bolsa, grafikada çyzyklaryň we şekilleriň sazlaşygy arkaly, heýkeltaraşlykda bolsa göwrümli görnüşleriň kömegi bilen beýan edilýär.
Türkmen alabaýynyň keşbi ýaş suratkeşleriň we talyplaryň döredijilik işlerinde hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplar milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olary çeperçilik serişdeleri arkaly beýan etmek we häzirki zaman sungatynda täzeçe düşündirmek boýunça döredijilik işleri alyp barýarlar.
Şekillendiriş sungatynyň esasy ugry bolan nakgaşçylyk sungatynda ýaş suratkeşler reňkler arkaly öz eserlerinde türkmen alabaýynyň daşky gözelligini, kuwwatyny, wepalylygyny we türkmen halkynyň milli buýsanjy hökmünde tutýan ornuny açyp görkezýärler. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bakygeldi Sytdyhow «Türkmen alabaýy» (2024ý.) atly nakgaş eseri, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Yhlas Allanazarow «Wepaly dost» (2025ý.) atly nakgaş eseri, 2026-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdar Osmanowyň «Miras» (2026ý.) atly nakgaş eseri, türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji boldular.
Bakygeldi Sytdyhowyň eseriniň birinji meýilnamasynda ýerleşdirilen alabaý kompozisiýanyň esasy keşbi bolup, tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Türkmen alabaýynyň goňur, ak we mämişi reňkleriň dürli öwüşginlerinden ybarat tüý örtügi hakykylyk bilen şekillendirilip, onuň beden gurluşynyň aýratynlyklary aýdyň görkezilýär. Suratyň yzky meýilnamasynda Garagum sährasynyň giňişligi, seýrek ösümlikler we düýeli kerwen şekillendirilipdir. Asmanyň açyk sary, gülgüne we mawy öwüşginleri bilen sähranyň altynsow reňkleri sazlaşyk döredýär. Uzakdaky kerwen türkmen halkynyň taryhy durmuşyny, çarwaçylyk däplerini we giň sähralar bilen baglanyşykly ýaşaýyş ýörelgesini ýatladýar. Bu eser arkaly türkmen alabaýynyň tebigat bilen arabaglanyşygy we milli medeniýetimizdäki orny çeperçilik taýdan açylyp görkezilýär.
Nakgaşlykda türkmen alabaýynyň keşbi dürli çeperçilik usullary arkaly şekillendirilýär. Suratkeşler onuň beden gurluşyny, tüýüniň reňkini, hereketlerini we daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny suratlaryň taslamalarynda çeper beýan edýärler. Käbir eserlerde alabaýyň buýsançly durky we gaýduwsyz keşbi öňe çykarylýan bolsa, beýleki eserlerde onuň adama bolan wepalylygy, asuda häsiýeti we mähirliligi beýan edilýär. Nakgaşlar reňkleriň sazlaşygyny, ýagtylygyň we kölegäniň utgaşygyny peýdalanyp, alabaýyň keşbini has täsirli görkezýärler. Şeýle eserler tomaşaçylarda türkmen tebigatyna, milli mirasymyza we alabaýa bolan söýgüni artdyrýar. Yhlas Allanazarowyň «Wepaly dost» (2025ý.) atly nakgaş eserinde hem türkmen alabaýynyň keşbi türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşdyrylýar. Suratyň merkezi böleginde ýerleşdirilen ak alabaý tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Onuň göwresiniň göwrümli şekillendirilmegi, bedenindäki ýagtylyk-kölege geçişleri we dik durşy alabaýyň kuwwatly keşbini açyp görkezýär. Eserde alabaýyň arka tarapynda halkymyzyň milli mirasy bolan türkmeniň ak öýüniň, onuň golaýynda bolsa milli eşikli erkek adamyň guýudan suw çekip duran pursady şekillendirilipdir. Uzakda görünýän düýeler we milli peýzažyň täsin gözelligi suratyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Ak öýüň bezegi türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna mahsus çeper aýratynlyklaryny görkezýär. Suratkeş esasy keşbi alabaýy birinji meýilnamada ýerleşdirýär. Yzky meýilnamadaky ak öý, adam we düýeler bolsa türkmen halkynyň däp-dessurlary, zähmeti hem-de gündelik durmuşy bilen baglanyşykly düşünjeleri beýan edýär. Sarymtyl, mele we gök reňkleriň sazlaşygy esere ýylylyk we asudalyk berýär.
Serdar Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eserinde türkmen alabaýynyň milli buýsanjymyzyň, edermenligiň we mertligiň nyşany hökmündäki keşbi ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Suratda ak reňkli alabaý taslamanyň merkezinde ýerleşdirilip, onuň berk beden gurluşy, buýsançly bakyşy we haýbatly durky tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Eseriň ýerliginde Pazyryk halynyň nagyşlary, Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärlikleri we söwda kerweni çeper beýan edilipdir. Bu bolsa alabaýyň türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy, medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ata-babalarymyzyň wepaly ýoldaşy bolandygyny alamatlandyrýar. Gyrmyzy we mämişi reňkleriň agdyklyk etmegi surata aýratyn janlylyk we milli öwüşgin berýär. Suratkeş reňk sazlaşygy arkaly alabaýyň mert häsiýeti bilen türkmen topragynyň gadymy ruhuny utgaşdyryp bilipdir.
Türkmen alabaýynyň sungatda şöhlelendirilmegi diňe bir çeperçilik ähmiýetine eýe bolman, eýsem, taryhy we medeni ähmiýeti bilen hem tapawutlanýar. Çünki alabaýyň keşbi arkaly ýaş nesillerde watansöýüjilik, wepalylyk, batyrgaýlyk we milli gymmatlyklara hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemek bolýar. Şeýle eserler türkmen halkynyň gadymy däplerini häzirki nesillere ýetirmekde hem möhüm serişdeleriň biri bolup hyzmat edýär. Suratkeşleriň döredijiliginde alabaýyň keşbiniň dürli görnüşlerde beýan edilmegi milli sungatymyzyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Şeýle hem, türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we milli mirasyna bolan buýsanjyny has-da güýçlendirýär.
Leýli Nurgeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby.