2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu sergide ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni we ylmy ösüşini açyp görkezýän işler sergilenildi. Halkara sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem sergilenildi. Sungat ojagymyzyň nakgaşçylyk, amaly-haşam sungaty, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik, dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket görnüşleri, ýurdumyzyň belent sepgitlerini wasp edýän eserler sergilenildi.
Şeýle hem, sergide saglygy goraýyş hem-de bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlar, sagdyn, asuda, parahat durmuşymyzyň özgerýän keşbini açyp görkezýän eserler sergilenildi. Halkara sergisindäki ajaýyp sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Oguljan DAÝYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 4-nji ýyl talyby.