logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NEPIS SUNGATA SARPA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Nepis sungata sarpa» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek we wagyz etmek asylly ýörelgä öwrülendigi hem-de milli gymmatlyklarymyzyň içinde iň gözel hem nepis sungaty bolan türkmen halylary gadymdan gelýän milli mirasymyz bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen halysy gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan, umumy adamzat medeniýetiniň genji hazynasyna öwrülen ajaýyp sungat bolup, biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň buýsanjydygy hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydygy, şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň el hünäri bolan halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.