logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NEPISLIGIŇ GAÝTALANMAJAK NUSGASY

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çagalar kitaphanasynyň meýletin, ýaş höwesjeň okyjylarynyň arasynda «El-hünäri, il gezer» atly tematiki agşamy geçirildi. Bu dabaraly çärede kitaphananyň gaznasyndan «Nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy» atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Sergä Türkmenabat şäheriniň №30, №13 we №26 orta mekdepleriniň höwesjeň okuwçylary gatnaşdylar. Bu serginiň üsti bilen ýaş okyjylarymyza türkmeniň gadymy milli-sungatynyň waspy edildi we biziň ene-mamalarymyzdan gelip ýeten nepis sungatyň hiç bir halkyňka meňzemeýän ýeke-täk millilikdigi hakda gyzykly gürrüňler berildi.

Dabaranyň dowamynda milliligimizi dünýä tanadan, medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.