logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«NESILLERE NUSGALYK» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY ATA GOWŞUDOWYŇ DÖREDIJILIGI BARADA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Nesillere nusgalyk” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Ata Gowşudow türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan ussat ýazyjydyr. Onuň döredijiligi halkymyzyň durmuşyndan, taryhyndan, we milli däp-dessurlaryndan ylham alýar. Ussat ýazyjynyň “Perman” romany, “Dordepel” powesti “Mähri-Wepa” romany we başgada birnäçe taryhy eserler we olaryň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada söhbetdeşligiň baryşynda täsirli gürrüňler edildi.

Aýratyn hem Arkadag şäheriniň köçeleriniň birine Ata Gowşudowyň adynyň dakylmagy–onuň türkmen edebiýatyna goşan uly goşandynyň, ýaş nesli terbiýelemeklikdäki hyzmatlarynyň we halk arasynda gazanan hormatynyň döwlet derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyna mirasa hormat goýmagyň, milli gymmatlyklary sarpalamagyň kämil nusgalyk ýoluny görkezip edebiýatymyzyň baýlaşmagyna goşant goşan şahsyýetleri sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.