logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Medeniýet ministriniň we syýahatçylyk müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenen Ilçisi Kler Brosna hem-de Irlandiýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ikinji sekretar-konsuly Karen Winsent arasynda iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygynyň dowamynda Medeniýet ministri Türkmenistanyň Medeniýet ulgamynyň işi barada şeýle-de ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, aýdym-saz sungaty barada durup geçdi. Şeýle-de ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek üçin iki ýurtda syýahatçylyk boýunça geçirilýän sergilere we maslahatlara gatnaşmak teklip edildi. Myhman Kler Brosna öz çykyşynda ýurdumyzyň däp-dessurlarynyň, taryhynyň we Aşgabat şäheriniň arhitekturasynyň örän owadandygyny we özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Şeýle-de bu duşuşykdan soňra iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň işjeň häsiýete geçjekdigini, iki döwletiň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda örän wajyp bolup durýandygyny belledi.