logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MUHAMMET EMINHOJA MUKYMY

«NOWBAHAR. AÇYLDY GÜLLER, ÝAŞYL DON GEÝDI BAGLAR...»

Nowbahar. Açyldy güller, ýaşyl don geýdi baglar,

Geliň, bir söhbet edeliň, dost-doganlar, gardaşlar.


Bu söhbete-mejlise ýygnanyşyp dosty-ýarlar,

Gülüp-oýnap tebigata seýle çykarlyk çaglar.


Şatlanan gözüň syrly bolsa peri dek neýläýin,

Aýrylyp akyl-huşundan telbe bolmagaý saglar.


Haýp, ähli tämizlik bu mahal tiken eken,

Gör, bilbiliň ornuna gelip gonupdyr zaglar.


Hoş söz isläp kimseden, ýüregňi beýan eýleseň,

Alaç tapmakdan geçen, üstüňe sürünerler.


Haçana çen melamatda gezmeli mydam Mukym,

Bir zaman göz ýumgul indi saňa bosun azarlar.


«AŞYK BOLUP MEN, EÝ ÝARY JANYM...»

Aşyk bolup saňa, eý söwer ýarym,

Didaryňy gözläp, ýokdur mejalym.


Bir-de gözlemez sen solan gülüňi,

Dideleri jellat, näzik nahalym.


Rehim eýle maňa, eý bagry girýan,

Didäme dolan sen, eý şahy-zalym.


Lebiň teşnelere aýla nazaryň,

Kamaty şemşatdyr, gaşy hylalym.


Köňlümi aldyň sen bir-iki sözläp,

Diwana boldum men, toty tetellim.


Her demde köýer men, ýadyma düşseň,

Bir görmesem seni, ýokdur mejalym.


Näçe zaman boldy, gözüň pynhandyr,

Aşyk Mukymy diýr, eý hassa halym.


«KIM DIÝSIN»

Ol biperwaý kişige haly harabym kim diýsin?

Seýranda meniň gören beýle azabym, kim diýsin?


Gündizler bir ýerde bir dem bolmaz aram-u-karar,

Gijeler bir pursat ýokdur gözde ukym, kim diýsin?


Öz islegi-arzuwyna hyýal eder her bir kişi,

Bes, köýüp yşkynda çeken horlugym, kim diýsin?


Köýmedik bolsa birew mähri muhabbediň oduna,

Şamdan daňa çen örtän azaply tabym, kim diýsin?


Uluglaryň agzybirlik binýadydyr hoşpälliler,

Ýolunda jananymyň haýr-u-sogabym kim diýsin?


Eger başyma hasrat inse-de, diýerin men rastym,

Söz hak bolsa, sowalyma jogabym, kim diýsin?


Dostlar, sorasaňyz derdin Mukymyň, erte-giç,

Gyrmyzy şerap içsem, jiger kebabym, kim diýsin?


Muhammet Eminhoja Mukymy

(Terjime eden: A.Rejepow)