logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ BEREKETLI SAÇAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy däl medeni mirasyň görnükli nusgalarynyň öwrenilmegi we goralmagy, aýawly ýagdaýda geljekki nesillere ýetirilmegi babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde halkara we döwlet derejesinde möhüm işler alnyp barylýar.

Nowruz baýramy ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýar. Bu baýramçylyk Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ilkinji hödürnamalarynyň biridir. 2016-njy ýylda biziň ýurdumyz bilen bilelikde Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegine, Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan we Türkiýe döwletleri hem gatnaşdylar.

Golaýda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda “Nowruzyň baýramçylyk saçagy we dograma milli tagamy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Milli bahar baýramyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyna Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.