Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz dost-doganlygyň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede ene topragymyzy gül-gülzarlyga besläp, ýaşyl ýazlaryň ähli gözellikleri bilen gelen Nowruz baýramyny türkmen halky uly joşgun bilen garşy alýandygy, bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek ýaşyl öwsüp, gyzyl gülälekler açylyp, tebigatyň hoşboý ysy ynsanda täsin duýgulary oýarýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Gelse, Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýen goşgy setirleri bilen wasp edip, birnäçe şahyrlaryň şygyrlaryndan okap berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerini, gadymdan gelýän däp-dessurlaryny has hem baýlaşdyryp, dünýä ýüzüne ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.