logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ DOST–DOGANLYK BAÝRAMY

NOWRUZ DOST–DOGANLYK BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz dost–doganlyk baýramy» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzda bahar paslynyň gelmegi bilen, güller açylyp, tebigat ajaýyplyga beslenip, Nowruz baýramynyň waspy çeper beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz her bir ynsan kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etýändigini, Nowruz diňe bir bahar baýramynyň gelendigini buşlaman eýsem, topragyň janlanýandygynyň hem buşlukçysydygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.