logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ GELDI BAKY BAHAR DIÝARA

NOWRUZ GELDI BAKY BAHAR DIÝARA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi baky bahar diýara» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen halky öz mukaddes däp-dessurlaryny we gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramyny giňden belläp geçýändigi hakynda gürrüň berdiler. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirmek bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgesidir diýip bellemek bilen, baýramçylygynyň aýratynlygy, onda taýýarlanylýan tagamlar, nowruz bilen baglanyşykly halk döredijiliginde hem uly orun tutýandygyny barada gyzykly gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.