logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ GELDI BU BAGTYÝAR DIÝARA!

NOWRUZ GELDI BU BAGTYÝAR DIÝARA!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyzda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny we parahatçylygy berkitmekde uly işler alnyp barylýar. Özüniň köklerini gadymdan alyp gaýdýan Milli bahar baýramy–Halkara nowruz güni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna giňden dabaraly bellenilýär, halkymyz bu baýramçylygy uly toý-dabara bilen garşylaýarlar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Ýakynda, bu baýramçylyk mynasybetli Maýa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Nowruz geldi bu bagtyýar diýara» atly festiwal geçirildi. Festiwalyň açylyş dabarasy “Hoş geldiň, Nowruz!” atly sergi bilen badalga aldy. Bu sergide dünýä halklarynyň baýramçylyk desterhany giňden ýazylyp, olar milli tagamlar, dürli ir-iýmişler bilen bezelip, milli lybaslarynyň öwüşgini gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. “Nowruz baýramy - dünýä dillerinde” atly bölüminde baýramçylyk däp-dessurynyň aýratynlyklary barada rus we iňlis dillerinde taýýarlanylan prezentasiýaly çykyşlar bilen sazlaşdy. Daşary ýurt dillerinde waspy ýetirilen “Mukamlarda Nowruz waspy” atly aýdym-sazly döredijilikli çykyşlary, hoş owazly aýdymlary belentden ýaňlanyp festiwalyň dabarasyny has-da bezedi. Şeýle-de, çäräniň dowamynda talyp ýaşlar häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi, müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi, halklaryň arasynda gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýändigi barada giňişleýin çykyşlary diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Festiwala gatnaşyjylar bu şowhunly dabarany medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy «küştdepdi» tansy bilen jemlediler. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren, halkymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!



Gülşirin OTUZOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy