logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ GELDI DIÝARA

NOWRUZ GELDI DIÝARA

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde geçirilen «Nowruz geldi diýara» atly kompozisiýa geçirildi. Halkymyz Milli bahar baýramyny Halkara Nowruz güni ýokary ruhybelentlik, hoşniýetli umyt arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen Türkmenistanyň medeni durmuşynda asyrlar boýy möhüm orun tutýan gadymy nowruz baýramy «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda hem täze mana eýe bolýar. Baharda gije-gündiz deňleşip, tebigat janlanýar. Tebigatyň bu täzelenişi durmuşyň gözelligi, adamlaryň şatlygy bilen utgaşyp gidýär. Häzirki döwürde bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmeginiň, ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Bu pasylda türkmeniň ajaýyp baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy bellenilýär. Nowruz türkmen halkynyň, galyberse-de bütin gündogar halkynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Aslynda Nowruz sözüniň manysy «Now»-täze, «ruz»-gün manylaryny berip, bu bolsa täze ýylyň täze güni diýmekdir. Tebigatyň janlanyp, zeminiň görke gelen pursady bellenilýär. Nowruz baýramy diýarymyzda uludan bellenilýär. Türkmeniň atalar sözlerinde, nakyllarynda, yrymlarynda aýdymlarynda hem öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda Nowruz baýramynda birnäçe süýjülikler taýýarlanyp toý saçagy giňden ýazylýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda toý-baýramlarymyzy giňden bellemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.