logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ GELDI ILIME

NOWRUZ GELDI ILIME

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Arkadag şäherinde Ogulmähri Hojageldiýewalaryň maşgalasynda Milli Bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ilime» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyp, gözel keşbe girip, owadan guşlaryň owazy bilen, her bir güni toý-baýramlara beslenýän gözel diýarymyzda milli bahar baýramy aýratyn joşgunlylygy bilen tapawutlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň bahar paslynda Nowruz baýramyny şatlyk-şowhunda döwlet derejesinde belläp, bu baýramyň tagamy bolan semeniden başga-da dürli nazy-nygmatlary taýýarlap, gyz-gelinleriň gatnaşmaklarynda dabaralar guralyp, läleler, monjugatdylar, toý aýdymlary aýdylyp, bu baýrama ajaýyp öwüşgin berýändigi barada täsirli gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.