logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ GELDI ÜLKÄME

NOWRUZ GELDI ÜLKÄME

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda baýramlar toýlar ýokary derejede bellenilýär. Halkara Nowruz güni halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerligiň baýramy hökmünde uly dabara bilen ýaýbaňlanýar. Biziň bagtyýar türkmen halkymyzda hem eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda bu baýram özüniň şatlygy-şowhuny bilen ýokary derejede bellenilip gelinýär. Bu baýram mynasybetli birnäçe konsertler we dabaralar hem geçirilýär. Gije-gündiziň deňleşýän pursaty bolan Nowruz güni adamlary döredijilige, zähmet üstünliklerine ruhlandyrỳan bahar baỳramy hökmünde hoşniýetlilige we parahatçylyga çagyrýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halkara Nowruz güni mynasybetli «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» orkestriniň konserti geçirildi. Konsertiň meýilnamasynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Konserdiň başynda SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baỳragynyň, ençeme orden-medallaryň eýesi professor Aşyr Kulyýewiň Ỳuliý Meýtus bilen Berdi Kerbabaýewiň librettosyna 1943-nji ýylda döreden «Abadan» operasyndan Baýramçylyk tansy eseriniň ýerine ýetirilmegi bu ýere ýygnananlar üçin has-da täsirli boldy. Mundan başga-da konsertiň dowamynda dürli žanrlarda döredilen aỳdym-sazlaryň ýaňlanmagy diňleýjileriň teşne göwünlerini gandyrdy. Konserdiň dowamynda «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Wepa Amanmyradowyň täzeden işlän ussat kompozitorlar Döwletgeldi Ökdirowyň, Daňatar Hydyrowyň şeỳle hem rus moldaw kompozitory Ỳewgeniỳ Doganyň eserleri diňleýjiler köpçüliginiň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Dabaraly konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetiren toparyň ýolbaşçysy hem diržýory G.Begenjowa sungat äleminde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler. Döredijilige sungata uly ýol açyp beren sungatyň howandary Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlygyny aýtdylar.



Dürjemal ÇAŇLYỲEWA



Maỳa Kulyỳewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Üflenip we kakylyp çalynỳan saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy