Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi–ýaz geldi» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Milli bahar baýramy her ýyl biziň ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.