logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NOWRUZ GELSE ILIME – GÜLLER AÇÝAR DIÝARYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz gelse ilime – güller açýar Diýarym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň, asuda hem-de parahat durmuşyň nyşany, parahatçylygy we ynanyşmagy alamatlandyrýan, ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramdygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz baýramynyň gadymy däplerini, edebi eserlerini, halk oýunlaryny, toý tagamlaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak, umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedigi hakynda hem belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.