logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NOWRUZ – GÜLLEÝŞIŇ WE TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – gülleýşiň we täzelenişiň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler eziz diýarymyzda bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň ynsana ruhubelentlik, şatlyk, jümle-jahana janlanyş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda Milli bahar baýramy döwlet derejesinde, ýurt asudalygynda, il-agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bahar gelende türkmen sährasyndan öwsüp gaýdýan mylaýym ýeller bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar günleri bilen sazlaşyp, köňüllerimize mähir çaýýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.