logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ ÖWÜŞGINLERI

Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli, ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Nowruz geldi bedew batly Watana!» atly sergisi açyldy. Sergidäki eserleriň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Çary Ýazmyradowyň «Ylham perişdesi», «Melike», Rustam Kurbanowyň «Sähranyň bezegi», «Türkmen bedewi», Döwlet Berdiýewiň «Bedew», Gutlymyrat Töräýewiň «Obada bahar», Berdisähet Gurbansähedowyň «Çölde», Bahar Pirgulyýewanyň «Mährem ojak», Abdylla Mämmetberdiýewiň «On dördi gije», «Monjugatdy», Myrat Hojagulyýewiň «Gülälekli gyz», Aýgözel Çakanowanyň «Narly natýurmort», Merdan Babajanowyň «Ak tawus», Guwançmyrat Hojaniýazowyň «Garpyzly natýurmort», Annageldi Jumaniýazowyň «Galkynyş», Maýsa Amangylyjowanyň «Türkmen gyzlary», Maral Hojagulyýewanyň «Toý» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.

Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde bahar paslynyň gözelligi we halkymyzyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary çeperçilik akymlary bilen sazlaşyp, baý mazmunda öz beýanyny tapypdyr. Nowruz topragyň janlanýandygyny aňladyp, täzelenişiň we gülleýşiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi emele getirýär. Bu gadymy baýram 2016-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şekillendiriş sungatynda Nowruz baýramy açyk, ýagty reňkleriň sazlaşygynda baýramçylyk şowhuny bilen çeper suratlandyrylýar.

Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine täsir edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramy halkymyzyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurleryny özünde jemleýär. Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz güni ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýär.

Maýa HALYKBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji