Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hökmünde her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýär. Güneşli Diýarymyzyň çar ýanyny baky bahara, al-elwan güllere, aýdym-sazlara besläp gelen bahar ülkämize Milli bahar baýramynyň halkara Nowruz gününiň dabaraly çäreleriniň toý şatlygyny alyp geldi. Eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Jeýhunyň kenaryny etekläp oturan gojaman Amyderýanyň boýunda ýerleşýän gadymy Lebap ilini toý lybasyna beslendi.
Toý ruhuna beslenen dabaraly çäreleriň biri-de ýaňy-ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirilip, wagtlaýyn baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Welaýatyň bilim, medeniýet işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Halkara Nowruz baýramy, onuň türki halklarynyň durmuşynda tutýan orny, şeýle hem Milli bahar baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçilişi barada täsirli çykyşlar edildi. Soňra bu ýere ýygnananlar baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we sergide ýaýbaňlandyrylan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Milli mirasymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam işleri Halkara Nowruz baýramy bilen baglanşykly, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri «Bereketli türkmen saçagy» kitabyna görkezilýän milli tagamlar, welaýatyň suratkeşleriniň bahar paslynyň gözelliklerini wasp edýän işleri sergä gatnaşyjylara ýatdan çykmajak baýramçylyk şatlygyny bagyşlady. Sergi bilen tanyşlygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bedew bady bilen watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Gülnur PYGAMOWA
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri