logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NOWRUZ – PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – parahatçylygyň we dostlugyň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler gözel görkli gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýändigini, özgerýändigini, ata Watanymyzda pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanyp, Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, ynsan kalbyny iň gowy duýgulara besleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly, milli tagamlary taýýarlanylyp, esasy tagamlaryň biri semeni bolsa bu baýramçylygyň naýbaşy tagamlarynyň biri bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegine öwrülendigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.