logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NOWRUZ - TEBIGATYŇ GÖZELLIGI REŇKLERDE

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Halkara Nowruz baýramy diýarymyzyň dürli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Nowruz - tebigatyň gözelligi reňklerde» atly sergi bahar paslynyň gözelligini sungatyň dili bilen beýan edýär. Serginiň dowamynda muzeý hünärmenleri «Miras» hem-de «Aşgabat» teleýaýlymlarynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen halkyna eşretli zamany peşgeş eden milli gymmatlyklarymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy dünýä halklaryna ýaýmakda bitirýän ajaýyp hem-de beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdarys, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!