logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ–PARAHATÇYLYGYŇ BAÝRAMY

NOWRUZ–PARAHATÇYLYGYŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz–parahatçylygyň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halky pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynda Milli bahar baýramyny uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýändigini, şeýle-de Nowruz baýramynda naz-nygmatlary taýýarlap, ýaňy gögeren ýaşyl bugdaýdan taýýarlanan semeni bişirilip, birek-birege hödür edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy gaýtaryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.