logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ–TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY

NOWRUZ–TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz–tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramynda halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleriniň berjaý edilmegi, gelin-gyzlarymyzyň halk döredijiliginiň nusgawy görnüşleri bolan monjugatdylary, läleleri, öleňleri, aýdyşyklary, hüwdüleri, gazallary ýerine ýetirmekleri, milli lybaslary, oba hojalyk önümleriniň sergileriniň guralmagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň görkezilmegi gadymdan gelýän medeni mirasymyzy giňden wagyz edilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.