logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NURANA MEKAN-BITARAP TÜRKMENISTAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güniniň 30 ýyllygy mynasybetli «Nurana mekan-Bitarap Türkmenistan» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara Bitaraplyk türkmen taryhyna müdümilik altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýä ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň beren baky bagtyna guwanyp, bagtyýarlygyň, asudalygyň, eşretiň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.