Bedew bady bilen öňe barýan türkmen halkymyzyň her bir güni toý baýramlara, şanly senelere beslenen. Muňa hut şu ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly diýilmegi hem uly şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewlerine uly hormat we sarpa goýulmagy bilen, halkymyzyň şöhratly taryhynyň has-da müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy görmek bolýar. Şany dünýä dolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri diýseň guwandyryjydyr. Ýaňy ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzda bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň iş saparyna gelmegi hem-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinden badalga almagy muzeý işgärleriniň buýsanjyny artdyrdy. Bu topar muzeyde myhmançylykda bolup, gadymy mirasy gymmatlyklarymyzy we gurnalan ajaýyp sergimizi uly gyzyklanma bilen synladylar. Halkymyzyň milli mirasyny, milli sungatyny içgin öwrenip we ony halka wagyz etmekde giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri rowana ýollarda rowaç alsyn.
Maral Hojakulyýewa
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri
