logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nusga öwrülen ömür

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygy mynasybetli «Nusga öwrülen ömür» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň ruhy baýlygy-bagşyçylyk we söz sungatyna bolan söýgüsi tutanýerlilik, adalatlylyk, umuman nesilden-nesle geçip gelýän gylyk-häsiýetler, däp-dessurlar barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ady rowaýata öwrülen ussat Şükür bagşynyň taryhda uly yz galdyrandygy, eline bir ýarag alman öz dutary bilen agasyny tussaglykdan halas edişi dilden-dile geçip biziň günlerimize gelip ýetendigi hakynda beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda geçmişde yz goýan ussat halypalarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.