logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

NUSGALYK MEKDEBIŇ MIZEMEZ ÝÖRELGELERI

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we medeni-ynsanperwer ulgamlar» atly maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilmeginiň öň ýanynda geçiriljek nobatdaky mejlisde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Maslahatda çykyş edenler öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji kabul ediljek resminamalar taryhymyzyň sahypasyny bezemekde ähmiýetli boljakdygy dogrusynda bellediler.