Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Nusgasy älem gezer» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler asyl nusgasyny gadymy döwürleriň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşgünli gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyz bolan nepis halylarymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.