logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň waspy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň waspy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede pähimdar pederlerimiz ahalteke bedewlerini kemala getirmekde seýisçilik sungatyny kämil derejä ýetirip ýyndam, owadan bedewleri ýetişdirendikleri, ahalteke bedewleriniň waspyny halk döredijilik eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzda uly orun alyp, şahyrlar şygyrlarynyň üsti bilen taryplandyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan gymmatly kitaplarynda we beýleki eserlerinde , goşgularynda hem bedewler hakyndaky waspnamalaryny görmek bolýandygy barada aýratyn belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.