logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

OBA HOJALYGY-MILLI YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAGY

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GATNAŞMAGYNDA TÄZE MALDARÇYLYK TOPLUMY IŞE GIRIZILDI

1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda maldarçylyk pudagyny döwrebap esasda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmek işi ýerli howa şertlerini, ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berilýär.

Maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň usullaryny kämilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň«Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

... Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maldarçylyk toplumynyň edara binasyna baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Edara binasynda hünärmenleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Iş otaglary zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, olar bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz edara binasynyň sanly ulgam bölümine bardy. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi bölümiň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu bölümde toplumyň çäginde we önümçilik binalarynda alnyp barylýan işlere, idedilýän mallara sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredildi.


«Türkmenistan» gazeti