logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

OBA HOJALYK ZÄHMET GURALLARYNYŇ TUTÝAN ORNY

OBA HOJALYK ZÄHMET GURALLARYNYŇ TUTÝAN ORNY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli edýän il-ýurt bähbitli atalyk aladalary netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalygy günsaýyn gülläp ösýär. Diýarymyzda daýhanyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde edermen daýhanlarymyzyň galla, pagta we beýleki medeni gök önümleri ekip, ýetişdirip, ýetişen hasyly isiripsiz ýygnamaklary, maksatnamalarda öňde goýlan sepgitleri amala aşyrmakda zähmet çekýärler.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine welaýatymyzda pagta ekişiniň başlamagynyň öň ýanynda, oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän, asylly zähmetleri üçin döwlet sylaglary bilen sylagnanan görnükli oba hojalyk işgärleri, mehanizatorlar we hormatly ýaşulular myhmançylykda boldular. Olar türkmen halkynyň daýhançylyk taryhy, ata-babalarymyzyň ekerançylykda ulanan usullary,ýeriň piri Babadaýhanyň däp-dessurlary,gadymy zähmet gurallary bilen tanyşdylar, bu barada muzeýiň ylmy işgärleri giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek üçin daşary ýurtlardan kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar hem-de olar daýhanlarymyzyň ýakyn kömekçilerine öwrülýärler.

Daýhanlaryň ýer,tehnika üpjünçiligini amala aşyrmak bilen birlikde ykdysady düşewüntligi artdyrmak hem ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýylyň dowamynda özümizden artyk taýýarlanan pagta, galla we gök önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykaryp satmaklyga rugsat bermegi daýhanlarymyzyň baýamagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli daýhanlar bilen duşuşyp, olara Şa serpaýlaryny ýapyp durmagy-da, olaryň kalbyny joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.