Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli we ruhy gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, keşdeçilik sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan, 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orun almagy türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir. Mähriban käbämiziň sünnäläp, mähir siňdirip bejeren gyzyl kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen «Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň çäklerinde sergi gurnaldy. Sergide gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň inçe we nepis edip bejeren kürteleri, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary, ak çyrpylary hem-de elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler görkezilýär. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyzyň şeýle-de ýaş suratkeşleriň nakgaş eserlerinde bolsa ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar.