Türkmen halkynyň haly sungaty öz gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdyp, halkyň taryhy, medeni mirasy, milli däp-dessurlary bilen berk baglanşyklydyr. Gadymy ýazuw çeşmelerinde bellenmegine görä türkmen taýpalary heniz etniki topar hökmünde kemala gelmezlerinden ozal dürli haly önümlerini, haly, keçe, kilim, palas ýaly önümlerini dokamak bilen giňden meşgullanypdyrlar. Haly sungatynyň gadymylygyna garamazdan onuň nepis sungatyna häzirki döwürde has hem uly sungat hökmünde garalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň Milli baýramyna bagyşlanyp «Oguzlaň kelamy, türkmen halysy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasy «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, biziň sungat ojagymyzdan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň Uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Maýsa Çaryýewa, Annagül Şiriýewa, hem-de Gülaýym Saparmedowa çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan «Haly–türkmeniň kalby» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.