logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

OKAMAK-BEREKET,ÝAZMAK-KUWWAT,DÖRETMEK DÖWLETDIR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Okamak-bereket,ýazmak-kuwwat, döretmek döwletdir» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Watanmyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak,ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda uly işler ýerine ýetirilýär. Milli bilim-terbiýe ulgamy çuňňur pähim–paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti jebisleşdirmegi,şonuň netijesinde-de onuň ähli döredijilik kuwwatyny ösüşe,abadançylyga gönükdirmegi maksat edinýär. Halkyň bilim-terbiýe däplerinde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk,sagdyn ýörelgelere eýermek,birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar diýip, giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!