logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Okatmagyň usulyýeti – bilim özgertmeleriniň binýady» atly okuw maslahaty

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Okatmagyň usulyýeti – bilim özgertmeleriniň binýady» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny, kämil, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň iş tejribeleri barada giňişleýin söhbet edildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilmeli işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Sungat ojagynda zähmet çekýän nakgaşçylyk hem-de sungaty öwreniş kafedrasynyň halypa mugallymlarynyň şekillendiriş sungaty bilen baglanyşykly bellenen temalar boýunça täsirli çykyşlary hem diňlenildi. Soňra sorag-jogaplar alşyldy. Halypa mugallymlar talyp ýaşlaryň bilim bilen birlikde, terbiýelerini, başarnyklaryny ösdürmek baradaky tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de ýaş mugallymlaryň öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyryp, ýaşlara terbiýe we bilim bermekde, okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine jogapkärli bolmalydygy baradaky çykyşlar bolsa, has-da täsirli boldy. Şeýle hem häzirki döwürde bilim, terbiýe bermegiň hilini döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky wezipeler dogrusynda ýerine ýetirilen çykyşlarda aýratyn bellenildi.